ýelpewaç

ýelpewaç
[ýelpewa:ç]
Ýelpemek üçin gasynly enjam.
∙ Şindi göze görünmen, ol gyzgylt şöhlelerini asmanyň ýüzüne ýelpewaç şekilinde ýaýratdy. (M. Gorkiý, Ene)
∙ Aşaklykdan ösýän ertir şemaly, Ýelpep oň ýüzüni ýelpewaç ýaly. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
∙ Hytaýlylar ýelpewaç ýasamaga ussatdyrlar.
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, ç sesi j sesine öwrülýär.
Meselem ýelpewaç - ýelpewajy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»